Birnäçe hepde mundan öň, Qualcomm Wi-Fi 7-de ulanyp boljak tehnologiýalary yglan etdi we eýýäm birnäçe gün mundan öň H3C kompaniýasy bu mowzuga degişli bildiriş berdi.

Hytaýly öndürijiler Magic BE18000 routeriň çykandygyny habar berdi. Bu täzeligiň esasy aýratynlygy, iň täze  Wi-Fi 7standartyny goldaýan ilkinji söwda enjamydyr.

Bularyň iň geň tarapy, Wi-Fi 7 spesifikasiýasynyň hut özi 2023-nji ýylda, belki-de has giç hem tassyklanyp biler.  Emma muňa garamazdan, H3C  arsenalynda  eýýäm oňa goldaw berýän enjam bar.

Üç zolakly routeriň 802.11be Wi-Fi standartyny we 6 GGs ýygylyk zolagyny goldaýandygy habar berildi.  Täzeligiň geçirijilik ukyby 18,443 Mbit /s.  Router Qualcomm-yň  dört ýadroly çipine esaslanýar.