Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň adyndan Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy.
“Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Hajy Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Arkadagly Serdarymyzyň adyndan berilýän bu gurbanlyk sadakasyny Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýandygyny aýtdy.
Sindzo Abe Ýaponiýanyň Hökümetiniň baştutany bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlady. Dünýäniň dürli döwletleri hem-de iri halkara guramalar bilen durnukly, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny saklady diýip, hajy Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu gün türkmenistanlylaryň ýapon halky bilen bilelikde bu agyr ýitgi — Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç duýgularyny başdan geçirýändigini aýdyp, ajaýyp adam, beýik syýasatçy Sindzo Abeniň nurana keşbiniň biziň ýüreklerimizde ebedilik galjakdygyny nygtady.
Görnükli şahsyýetiň hatyrasyna berýän gurbanlyk sadakamyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Sindzo Abe gurban boldy diýip, hajy Arkadagymyz belledi we onuň ýagty ýadygärligine hormat goýup, bir minut dymyşlyk yglan etdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň ymamy tebärek çykdy.
Tebärekden soň, Arkadagly Serdarymyzyň adyndan merhum Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasy berildi.
Nahardan soň, aýat-töwir okalyp, berlen sadakalaryň kabul bolmagy, merhum Sindzo Abeniň ruhunyň şat bolmagy dileg edildi.
Hajy Arkadagymyz Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan Imperator Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanç sözlerini ýetirmegini haýyş etdi.