Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler älem içre giňden dabaralanýar. Ýurdumyzyň çar künjeginden dünýäniň ýedi yklymyna uzaýan dostluk ýollary bu gün parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň ýoly bolup, döwrüň belent ruhuny äleme ýaýýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-19-njy iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilmegi ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge badalga berdi. Dünýä belli iri ulag kompaniýalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki günläp dowam eden maslahatda ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri beýan edildi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleriň daşalmagyna, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň ykdysady taýdan amatlydygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, gurluşygy batly depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň ähmiýetli boljakdygy bellenip geçildi.

Demir we howa ýollary ulgamynda hem ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini nygtamak gerek. Bu babatda aýdylanda, soňky ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesiniň, Tejen — Sarahs — Maşat, Serhetabat — Turgundy, Atamyrat — Ymamnazar — Akina — Andhoý ýaly ugurlar boýunça açylan demir ýollaryň ähmiýeti örän uludyr. Bu halkara derejeli ýollaryň ýükleri daşamakda çäginden geçýän döwletler üçin ykdysady taýdan bähbitlidigi aýratyn bellenildi. Şeýle ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň diňe ýurtlaryň ykdysady taýdan öňe gitmegine şert döretmän, eýsem, medeni, ynsanperwer, söwda, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem uly ýardam edýändigini bellemek möhümdir.

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ulag ulgamyna degişli 5 sany Kararnamanyň kabul edilmegi hem muny doly tassyklaýar. Bu bolsa ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Ýollary bagta rowana bolan eziz Diýarymyzyň ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, bedew bady bilen öňe gitmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Rowaç BABAJANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby