Sagdyn iýmit bagyr üçin örän möhümdir. Biz dogry iýmitlenmek üçin süýji, aşa duzly, ýokary gaýtadan işlenen iýmitlerden gaça durmalydygyny, gök önümleri, däneli önümleri, miweleri we ş.m önümleri köp iýmelidigini bilýäris. Elbetde, saglygy saklamaklyk üçin ýeterlik gudratly ýeke-täk önüm ýok, dürli görnüşli önümleri iýmeli. Şeýle-de bolsa, hünärmenler käbir gök önümleriň ýa-da miweleriň täsiri barada gürrüň bermegi dowam etdirýärler. Eat this, not that neşiri ýenede bir şeýle önümiň biri hakynda ýazýar.

Iýmitleniş lukmany Loren Manaker (Lauren Manaker) brokkoliniň bagyr saglygy üçin iň peýdaly iýmitlerden biridigini aýtdy. Munuň sebäbi bu gök önümde diindolilmetan we glýukorafanin ýaly birleşmeler bar.

Şeýle-de bolsa, olar diňe bir brokkoli däl, eýsem gyzyl we ak kelem ýaly atanakgüllüler maşgalasyna degişli önümlerde-de duş gelýär.