Dünýäde beýleki sebäplere garanyňda, ýürek-damar kesellerinden has köp adam ölýär.  Emma munuň öňüni almak üçin mümkinçilik bar.  Täze gözleg munuň üçin yzygiderli pyýada ýöremelidigini görkezýär.

Ýürek bilen baglanyşykly keselleriň birnäçe görnüşi bar.  Olara gipertoniýa, insult, infarkt, ýokary holesterin degişlidir. Ýürek keseliniň we ýokary gan basyşynyň öňüni almak gaty ýönekeý: ýöremegiň kömegi bilen.

Garward lukmançylyk mekdebi günde 21 minut ýöremegiň ýürek keselleriniň döremek howpuny 30 göterim azaldyp biljekdigini öňe sürýär.

Pyýada ýöremegiň bu täsiri, kardio okuwynyň bir görnüşi hasaplanmagy bilen düşündirilýär.  Başgaça aýdylanda, ýürek myşsasyny berkitmäge kömek edýär.