Ýurdumyzyň üstünlikli durmuşy häzirki günlerimizde Garaşsyzlyk bagynyň pajarlamagy bilen has- da gülleýär , gül açýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan Hormatly Prezidentimiziň işleri bolsa bu gün halkymyz üçin nusgalyk häsiýete eýedir. Şu ýylyň 12-13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlar dialogy geçirilmegi Türkmen diýarynyň bu günki gün dünýä ähmiýetli işlerde ilkinjileriň biriligini subut etmegi döwlet derejesinde belleniljek baýramçylyk çärelerine hem badalgadyr.Bu möhüm ähmiýetli çäreleri Gahryman Arkadagymyz başlangyjy boýunça geçirildi.Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen bu ajaýyp forum dünýä boýunça möhüm ähmiýetli işlere öz goluny uzadýan türkmen diýarynyň gelşigidir.Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlar dialogyna Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir, halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriniň köp sanlysynyň gatnaşmagy bu günki gün Türkmenistanyň abraýyny has- da artdyrdy. «Merkezi Aziýa – Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilmen Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn mümkinçilik döretdi.Garaşszylyk baýramynyň öňsyrasynda geçirilen bu çäreler dünýä ähmiýetli wajyp meselelerde Türkmenistanyň çetde durmaýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu çäreler ýurdumyzyň dünýä döwletlerini ylalaşyga we dialoga, ählumumy abadançylyga, ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň täze taryhy döwürde has-da ilerledilýändigini giňden açyp görkezýän möhüm syýasy wakalar hökmünde hem uly ähmiýete eýe bolmagy bu günki gün Garaşsyzlyk toýuna taýýarlyk görýän türkmen halkynyň başyny göge ýetirdi.Türkmen diýarynyň ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň abraý – mertebesiniň belentliginiň ýene bir nyşany boldy.

 

Merdanmuhammet Durdymyradow

Türkmen Döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň mugallymy