Ýurdumyzyň gün- günden ykdysady üstünliklerden başga- da dostana gatnaşykly ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamagy bu günki gün dünýäniň çar künjünde ýerleşýän halklaryň türkmen halkyny tanaýandygy we türkmenleriň myhmansöýerlik medeniýetine örän uly sarpa goýýandygyny alamatlandyrýar. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagtynda ýerleşýän «Melia» myhmanhanasynda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty gatnaşmagy hem türkmen halky bilen Wýetnam halkynyň arasyndaky baglaryň Hormatly Prezidentimiz tarapyndna barha güýçlenýändigini alamatlandyrýar. Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, nebit we gaz, energetika, söwda, gurluşyk, binagärçilik we ulag ulgamy hakda aýdylmagy bolsa,gelejekde bu ugurlar babatynda ediljek işleriň jeminiň has çuňlugyny açyp görkezmäge mümkinçilik döredýär.Ýurdumyzyň beýleki halklar bilen dostana gatnaşygy dünýäniň çar tarapyna uzaýan gol baglarynyň üstünliklerini açyp görkezýär. Geçirilen maslahatda türkmen wekilýeti bilen wýetnam kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp bu iki bagy- dostlugy ýer ýüzüne jar etdiler. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady babatda dünýä baglaryna has köp ýakynlaşmagyna ýardam berjek hadysadyr.Türkmenistan bu günki gün ykdysady önümçiligi,medeniýeti, senagaty , azyk önümleri bilen hem dünýä halkasynda orun alýar.Munuň özi şeýle duşuşyklaryň netijesidir. Tomus pasly bolan bu maslahatyň esasy maksady Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek bolup durýanlygy hem- de dünýäniň çar künjün ýaýran türkmen dostlugyny berkitmekdir.Täze çözgütleri işläp taýýarlamak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekden ybarat bolmagy bu günki gün Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu edilýän işleriň halk bähbitli işlerdigini ýene bir gezek subut edýär. İkitaraplaýyn ykdysady we iş gatnaşyklatyna seretmek we derňemek tomus paslynda geçirilen bu duşuşygyň wajyplygyny has- da öňe sürdi. Ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary boýunça häzirki döwürde has wajyp işewürlik hem- de bu ajaýyp dostlugyň parahatçylyk baglary bilen birlikde gadymy işewür wýetnam halkynyň hem türkmenler bieln dostlukly baglanşygyna öz täsirini ýetirdi. Bu günki gün has zerur bolup durýan söwda şertleri, maýa goýum we ykdysady baglar bilen birlikde beýleki dostlukly gatnaşyklaryň has- da ýygjamlanmagyndan gürrüň açýan maslahatda ähli birlikdäki işler barada söwda ulgamynyň kompaniýalary we döwlet düzüminiň wekilleri bilen pikir alyşmaga mümkinçilik döredi. Munuň özi gelejekde ýurdumyzda ediljek işleriň birlikdäki taslamalaryna hem öz täsirini ýetirer. Şeýle dostluk baglarynyň berkemesi bolsa, Garaşszylyk baýramynyň öňsyrasyndaky bagtyýar günlerde guwandyryjy wakalaryň biridir.
Merdanmuhammet Durdymyradow
Türkmen Döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň mugallymy