Bu gün dünýä ýüzünde 23-nji gezek Halkara Ýaşlar güni bellenilýär. Has takygy, 1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamasy esasynda 12-nji awgusty Halkara Ýaşlar güni diýlip yglan edildi. Statistiki maglumatlara salgylanyp aýtsak, häzirki wagtda Ýer ýüzünidäki ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýän eken.
Her ýyl jemgyýetde ýaşlaryň öz ornuny tapmagyna, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen bu baýramçylyk mynasybetli belli bir şygar astynda köp dürli çäreler, konsert dabaralary, sergidir konferensiýalar geçirilýär. Bellenilýän baýramçylygyň esasy maksady ýer ýüzüniň gurluşynda, ýurtlaryň ösüşinde ýaşlaryň tutýan ornuny ýatlatmak bolup durýar. Ine bu baýramçylyk mynasybetli biziň ýurdumyzda hem 13-nji awgustda «Watan» kinokonsert merkezinde ««Молодежь, инклюзивность, единство» ady bilen şowhunly konsert dabarasy geçirilýär. Bu konsert «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralýandygyny hem bellemek gerek.
Hormatly ýaşlar, baýramyňyz gutly bolsun!
Mähri Baýramowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

RU












