Apple Watch “akylly” sagadyň eýesi, 67 ýaşly amerikaly aýal bu geýilýän enjamyň kömegi bilen diri galdy. 3 günüň dowamynda sagat yzygiderli atrial fibrilýasiýa signalyny iberdi.

Ilki başda aýal habarnamalara üns bermedi, ýöne ahyrynda hassahana gitmek kararyna geldi. Ol enjamda ýalňyşlyk bardyr diýip umyt edipdi, ýöne infarkt we insultyň iň köp ýaýran sebäplerinden biri bolan, örän howply ýürekdäki çişi – mikoma diagnozy goýuldy.

Diagnoz goýlandan soň, aýala operasiýa edildi we diametri 4 sm bolan çiş aýryldy.

“Men gaýragoýulmasyz kömek bölümine ýüž tutmagy ýüregime düwdüm we maňa” Siziň alada etmeli zadyňyz ýok – sagadyňyzy zyňynda atyň “diýerler diýip umyt etdim” -diýip, halas edilen Apple Watch sagadyň ulanyjysy gürrüň berdi.