IPhone-yň Pro modelleriniň 6 Gb LPDDR5 operatiw ýat bilen üpjün ediljekdigi habar berildi. Häzirki iPhonlar LPDDR4X bilen enjamlaşdyrylandyr. Şol bir ýat görnüşi iPhone 14 tapgyrynyň kiçi modellerinde galar.
Eger-de IPhone 13”l seriýasyndaky iň az ýat mukdary 4 GB bolan bolsa, onda täze smartfonlarda azyndan 6 GB operatiw ýat gurnalar.
Mundan ozal, täze Apple A16 çipsetini diňe iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max aljakdygy habar berildi. Adaty iPhone 14 modelleri A15 prosessoryny saklar.