“Zenan” diýilýän zat ýerdäki taňry,
“Aňry otyr!” – diýip, aýdylmaz Taňra.
“Zenan” diýilýän zat, bir goşa gumry,
Ýanyndan ýer bermez üçünji gumra” – diýip, ýazan Kerim şahyr megerem zenanlar babatyndan ýalňyşan däldirler. Zenan öýüň guramaçysy, ähli zatlar bilen birlikde çaga terbiýesi, nahar- şam, arassaçylyk, öý işleri , onuň daşyndan hemtelekeçilik işi ýa- da hökümediň edara – kärhanalarynda zähmet çekip, gije- gündiz watan söýýän zenanlaryň türkmen topragynda bardygy seni guwandyrýar.Zenan – ýyldyz gyryndysy. Zenan ýaly näzik zat bardyr öýdemok. Çünki zenan ýüreginiň ejizlemsi onuň mertligi bilen garylyp, täze bir häsiýeti kemala getirýär. Men Maýany ilkinji gezek görenimde şeýle gözel näzenin zenanyň gara başyna nijeme derdi ar” diýip, oýlansam hem ol massa ýylgyranynda men onuň ýüzündäki nuranalyga haýran galdym. Maýa Myradowa “Maýam” himiki arassalaýjy kärhananyň ýolbaşçysy, türkmen telekeçi zenany. Her ýyl diýen ýaly ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary bilen bagly geçirilýän çärelerde onuň baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary we ol ýerde watanymyz, ýurdumyz üçin edilýän işlere goşýan goşandyny joşgun bilen gürrüň bermesi onuň tüýs watan hakda ýüregindä müň nama bar adamlara meňzeýär. Maýanyň dünýäsi başga. Ol hakykatdan hem näzenin zenan, öz gözelligini kärhanasynda zähmet çekýän gyzlara hem geçiripdir. Çünki her gezek baranyňda, seni güler ýüz bilen garşylaýan ýaş gelin- gyzlaryň işewürligi, zähmete bekän ýürekleriniň hemiki serişdeler bilen arassalaýjy kärhana getirýän geýim- gejimleriniň arassalaýyş möhleti, baha elýeterliligi barada aýtmak bilen özlerini mähirli alyp barýarlar. Dogrusy men muňa Maýanyň häsiýeti bu kärhananyň ähli ýerine ýetipdir” dýiip, aýdasym gelýär. Onuň näzik ýüzünde perzentlerine bolan söýgi, türkmen gelin- gyzlarynyň zähmetlerini bir düwmejikde çözüp bilýän himiki arassalaýjy enjamy oturyp maňa düşündirmesi, baha elýeterliligi maňa diýseň ýarady. Maýa bilen köp gürrüňleriň abşyny agyrtdyk. Çünki ol çagalary körpejekä diňe şolaryň terbiýesi bilen bolup, kärhana açmak barada pikir – düşünjesi hem ýok ekeni. Bagtyýarlyk zamanynyň zenany hökmünde Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere berýän ünsünden peýdalanyp, şeýle halk üçin elýeterli kärhananyň açylmagy, telekeçilik işlerine başlan ýaş gelni hiç düýrükdirmän, gaýta tersine onuň telekeçilige bolan hyjuwyny artdyrmasy barada hem giň mümkiçnilikler açylamsyny ýatlamasy hem ýöne ýere däldir. “Maýam” himiki arassalaýyş kärhanasy Türkmenistanyň çäginde 2014 ýyldan bäri himiki arassalaýyş hyzmatlar bazarynda öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.Telekeçi zenan Maýa Myradowanyň ýolbaşçylyk edýän bu kärhanasy telekeçi zenanyň aýtmagyna görä,türkmen gelin- gyzlayrnyň öý işlerini ýeňilleşdirmek üçin açylandyr. Çünki özi körpeje çagalary bilen ýekeelli bolup, soňra zenan durmuşynda nähili edip, bu işleriň hötdesinden gelip bolar diýen netije bilen birnäçe wagt çözgüt tapmaga synanyşan telekeçileriň biridir. Häzirki wagtda telekeçilik işinde has işewür ,has ökde bolup, juda arassaçylygy söýýän, gelin- gyzlaryň ähli el işlerini bir ara getirýän Himiki arassalaýjy kärhananyň açylmagy bolsa, Maýa Myradowa üçin öňden köp pikir edilen düşünjedi. “Biz durmuş hyzmatlary pudagynda dokma önümleriniň ähli görnüşlerini himiki arassalamak, ýuwmak we ütüklemek, ýörite geýimleri, toý köýneklerini, aýakgaplary, torbalary, çemodanlary, kolýaskalary arassalamak, halylary ýuwmak we himiki arassalamak, mebelleri arassalamak boýunça hyzmatlaryň, klining we beýleki hyzmatlaryň giň gerimini hödürleýäris. Biz derini we sütügi arassalamak boýunça Aşgabatda bar bolan ýeke-täk Himiki arassalaýyş kärhanasy bolup durýarys”- diýip, Maýanyň işgär gyzlarynyň biri joşgun bilen gürrüň berýär. Men baranymda işewür gyzlaryň hyjuwly, öz kärlerine ussat, müşderiniň pikirini juda asylly diňläp, egin- eşikleriň zeper geljek ýerini öňünde aýdyp berip,işleri üçin jan çekýän mähirli zenanlara haýran galdym. Olaryň ählisinde öz işlerine bolan söýgi bardy. Ussatlyk bieln Maýanyň işini dowam etdirýärdiler. Çünki bir- birege ynam, dogurdan hem zähmetiň gymmatyny artdyrýar ahbetin.Egin- eşikleriň ähli görnüşlerini, milli egein- eşiklerimizi öňki görnüşinden hem arassa edip çykaryp, gaplama salyp duran halatlary mende gyzlara bolan guwanç artdyr. Maýanyň ähli yhlasy ýerine gowuşypdyr. Men oňa : “ Maýa tüweleme, seniň işewür toprayň bar, indi arkaýynlaşsaň hem bolýar’ diýenimde ol, zenan işi gutarmaz, arkaýynlyk telekeçiligiň işi dlädir, diýip, ýylgyrdy. Biz ýarty sözde düşünişdik. Soňr amen ýol boýy pikirlenip agýtdym: Zenan diýilýän zat, ýerdäki Taňry…
Maýanyň yhlasy ähli egin- eşikleriň bir enjamda sähelçe salymyň içinde ak mapraç ýaly bolmasyny gazanmagy, bu juda ýönekeý zat ýaly. Ýöne bu ýere gelýän ynjyk müşderileriň hem ýüzleriniň gülüp gidişlerini synalnymda şeýle işewür, telekeçi, zenanlaryň aladasyny edýän zenanlaryň bardygyny görenimde haýran galdym. Begendim. Ýol boýy ol barada pikirlendim.Häzirki zaman zenany bolmak aňsat iş hem däl. Dogurdan hem öý işlerini ýeňletmäge bir mahal wagt boldy. Çünki zenanlar döwlet ähmiýetli meseleleriň hem çylşyrymly ýerlerinde durup,watana, ýurda hyzmat edýärler, häzirki döwürde. Gahryman Arakdagymyzyň oňyn başlangyçlary bieln, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda zenan telekeçilere hem ýol açylýar, olara işlemäge uly mümkinçilikler döredilýän. Munuň üçin bolsa, “sag bolsunlarymyzyň çägi ýokdur’ diýip, Maýa mähirli ýylgyrdy. Buýsançly zenan duýgulary bilen yzymdan seredip galan telekeçi zenan hakda: “Iň gowy pikirleri okyjylarym bilen paýlaşaýyn” diýdim.
Oguljennet Bäşimowa
jurnalist

RU












