Gurmak, döretmek, eşretli durmuşyň hözirini görmek bagtyna eýe bolan halkymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly senesini ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Şu ýyllaryň içinde asyrlara barabar beýik işler amala aşyrylan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyzyň kanunçylygy hem döwrebap derejede kämilleşdirildi. Sebäbi berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeler milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Her bir adamyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alnyp öňe sürülýän başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ähli ulgamlary ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn uly üns berilýär.

Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän işleriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de has-da ýokarlanmagyna gönükdirilmegi döwlet syýasatynda halk baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny subut edýär. Häzirki döwürde amala aşyrylýan toplumlaýyn işler möhüm ähmiýetliligi bilen hem tapawutlanýar. «Giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, Garaşsyz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, ilkinji nobatda, halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň halkara abraýy hem belent derejelere göterilýär. Ynsanperwerlige hem hoşniýetlilige, dostluga hem parahatçylyk söýüjilige gönükdirilen daşary syýasatymyz bitaraplyk ýörelgelerimiz esasynda dabaralanýar.

Garaşsyzlyk baky bagtyýarlygymyzyň gözbaşydyr. Eşretli durmuşymyzyň, köpu-gurly ösüşlerimiziň binýadydyr. Her bir güni parahatçylyga, ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär we merdana halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanýan şöhratly ýeňişleriniň, bagtyýarlykda tutýan toý-baýramlarynyň dabarasy dünýä dolýar.

Kemal DÖWLETÝAROW,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.