Biziň döwletimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berip, raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň häzirki zaman dünýä ylmyny we tehnologiýalaryny öwrenmek işine uly üns berýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýurdumyzda çagalar baradaky alada hemişe-de üns berler. Çagalaryň ertirki güni biziň hut olar baradaky aladamyza, körpeleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hakyndaky tagallalarymyza baglydyr. Biz döwrebap, kämil enjamlar, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary hem-de internete birikdirilen ulgamlar bilen üpjün edilen mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, çagalar we ýetginjekler üçin estetiki, döredijilik merkezlerini, sport toplumlaryny hem-de dynç alyş merkezlerini gurýarys.
Birinji synp okuwçylarynyň ählisine her ýyl iň döwrebap kompýuterleri sowgat berýäris. Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sanyny hem ýylsaýyn artdyrýarys»
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze döwürde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary we dynç alyş hem-de sagaldyş toplumlary diňe bir paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we obalarynda hem gurulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary netijesinde gurulýan häzirki zaman çagalar baglary ýaş nesillerimizi mekdebe taýýarlamak, olaryň okuw we döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin hemme şertlere eýedir. Kompýuter we lingafon otaglary, aýdym-saz we sport zallary iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Çagalaryň doly derejede we sazlaşykly iýmitlenmegi üçin ähli şertler döredilendir.
Ýaş nesillere aýratyn üns bermek, olar barada yzygiderli we çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Ýurdumyzda gadymdan gözbaş alýan däplere eýerilip, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge, ähli babatda abadan durmuşy üpjün etmäge, ýaşlaryň intellektual kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen işler yzygiderli geçirilýär. Muňa mysal edip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 5-nji awgustynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezini görkezmek bolar.
Görşümiz ýaly, ýurdumyzda bolup geçýän toýlardyr baýramlar, taryhy wakalar hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemäge degişli meselelere ägirt uly üns berýändigine şaýatlyk edýär.
Ýaş nesillere bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Annameret ANNAMEREDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň talyby