Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz – ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen gelejegiň eýeleri bolan biz – ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýakynda geçirilen VII gurultaýynda Arkadagly Serdarymyzyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi türkmen ýaşlary üçin buýsandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Kanuny geljekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmeginde, olaryň bähbitlerini, hukuk-azatlyklaryny goramakda we bulary iş ýüzünde amala aşyrmakda örän ähmiýetli hukuk resminamasy bolar. Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzda döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp mundan beýläk hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekerler. Ylym-bilim, sport, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşarlar.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Kerki etrap Geneşiniň esasy hünärmeni.