Arzuwlaryň wysala öwrülýän ajaýyp döwründe ýaşaýan bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Gurultaýda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlar üçin birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek möhümdir. Kanunyň 26-njy maddasynyň 8-nji bendinde ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek bellenilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim çygryndaky döwlet goldawynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem Kanunyň 32-nji maddasynda ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň, borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek maksady bilen, 7-nji bendiň goşulmagy, ýagny bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Bu hem ýaşlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň has-da giňelmegi babatynda döwlet goldawyndan peýdalanmagyna şert döredýär. Şeýle birnäçe ýeňillikleriň Kanunda göz öňünde tutulmagy döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagyna döredilýän giň mümkinçilikleriň hukuk taýdan berkidilmegini alamatlandyrýar.

Parahat ÇARYÝAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň talyby