Güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen ýyllary ýurdumyzda möhüm ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen şöhratlandy. Garaşsyzlyk merdana halkymyza ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi.
Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öňegidişlikler gazanylyp, täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Ýurt garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi.
Garaşsyzlygymyzyň geçen 31 ýyla golaý döwrüniň içinde eziz Watanymyz dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Ata ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny Arşa göteren hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdiren giň gerimli işleriň birnäçesi amala aşyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyz daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklara täze ýollary açdy. Döwletimiz özbaşdak ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden başlap, bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara bileleşigiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, jebisleşdirýän we utgaşdyrýan öňdengörüjilikli hem-de maksada okgunly daşary syýasaty alyp barýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan özüniň saýlap alan milli ösüş ýolunyň durmuşa ukyplydygyny we netijelidigini subut edip, örän möhüm syýasy, ykdysady we ekologik başlangyçlary öňe sürdi, parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde uly abraýa eýe boldy. Şeýle-de, uzakmöhletleýin ösüş maksatlary bolan kuwwatly hem-de sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi, dünýäde ýaşamak üçin howpsuz we iň amatly ýurt diýlip ykrar edildi.
Arkadagly Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň çar künjeginde şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli möhüm ähmiýetli baýramçylyk çäreleriniň giň toplumy ýatdan çykmajak dabaralara öwrüler. Munuň özi ýurdumyzyň bagtyň we berkararlygyň mekanydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup bütin dünýä ýaň salar.
Biz ildeşlerimiziň abadançylygy we ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, mertebesiniň belent, ömrüniň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň uly mugallymy

RU












