Ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş neslimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde goýlandyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýat döredilendir.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Şundan ugur alnyp, ösüp barýan ýaş nesliň döwrebap we ýokary derejede bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir.

Ýaşlar dünýä ölçeglerine laýyk bilim almak bilen döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki döwürde täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegi gazanylýar. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary guramak üçin taýýarlyk görmäge, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen baglanyşygyny pugtalandyrmaga, hünärleri özleşdirmäge täze ugur alyndy. Inžener-tehniki we tehnologiýalar ugurlary boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Şundan ugur alnyp, üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirilýär. Bilim ojaklarynyň Halkara bilim maksatnamalaryny özleşdirmek boýunça daşary ýurtlaryň bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Häzirki döwürde halkara derejeli bakalawrlar we magistrler taýýarlanylýar.

Türkmen ýaşlarynyň kalbynda beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagy, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç alsyn!

Ahmedowa Aýnur Ahmedowna,
Çärjew etrabynyň  11-nji  orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.