«Sanly marketing» adalgasy 1990-njy ýyllarda ulanylyp başlandy. 2010-njy ýyllarda sanly marketingiň gurallarynyň, sarp edijiler bilen çuň we döwrebap gatnaşyklary netijeli döretmek üçin toplum hökmünde çylşyrymlylyk derejesi örän ýokarlandy. 1990-njy ýyla çenli «sanly marketing» adalgasy hiç ýerde agzalmasada, ol öz gözbaşyny 1980-nji ýyllardan alyp gaýdýar. Sebäbi şol ýyl «Soft AdGroup» birnäçe awtoulag öndürijiler üçin mahabat kompaniýasyny işläp taýýarlady. Bu žurnaldan alnan goşmaça sahypa bilen hata jogap ýazylanda awtoulaglaryň dürli kysymlarynyň hereketiniň multimedia kontentli disketini we tölegsiz synag sürüp görmek mümkinçiligi alyp bolýardy. Sanly habar beriş serişdeleriniň örän çalt ösmegi marketing we mahabat üçin täze mümkinçilikleri açdy. Sanly kanallara elýeterliligi bolan ykjam enjamlaryň giňden ýaýramagy bolsa sanly mahabatyň eksponensial ösüşine getirdi. Häzirki wagtda sanly marketing işjeň ösüp barýar. Sanly habar beriş serişdeleriniň ösüşi 4,5 trillion onlaýn mahabat habarlary bilen hasaplanýar. Mahabaty Internet-ulanyjylara gönükdirmek üçin, firmalar sarp edijileriň Internetde özüni alyp barşynyň seljermesini (Online Behavioural Advertising, OBA) işjeň ulanyp başlaýarlar. Sanly marketinge käwagt onlaýn-marketing, Internet-marketing ýa-da web-marketing hem diýilýär. Wagtyň geçmegi bilen «sanly marketing» adalgasy köp ýurtlarda uly meşhurlyga eýe boldy. ABŞ-da «sanly marketing» adalgasy, Italiýada «web-marketing», Fransiýada «web-marketing» ýa-da «sanly marketing», Beýik Britaniýada, Russiýada we beýleki köp ýurtlarda «sanly marketing» adalgasy örän giňden ulanylýar. Iňlis dilinden terjime edilende digital – sanly diýen manyny berýär, şonuň üçin digital marketing – bu sanly marketingdir. Diýmek, brendi öňe sürmek we ähli mümkin bolan sanly kanallar bolan sosial torlar, Internet, e-mail, kontekst mahabaty, kontent-marketing arkaly müşderileri çekmek. Şeýle hem onda offlaýn-gurşawdan müşderileri çekmäge mümkinçilik berýän beýleki gurallar bolan sms, telefonlardaky mobil goşundy programmalar hem ulanylýar. Bir söz bilen aýdylanda, bu önümiň ýa-da hyzmatyň marketingiň dürli görnüşleriniň kömegi bilen toplumlaýyn öňe sürülmegidir. «Digital marketing» sanly marketing bolup çykyş edýär we ol interaktiw we maksada gönükdirilen marketing görnüşinde garalýar. Ol müşderileri çekmek we saklamak maksady bilen sanly tehnologiýalary ulanmaga gönükdirilen harytlaryň we hyzmatlaryň marketingidir. Onuň usullarynyň we tehnikalarynyň kömegi bilen marketologlar brendleri öňe sürýärler we satuwlary artdyrýarlar. Ol ykjam tehnologiýalary we adaty radio we telewizion usullary, interneti ulanýar.

Seredilýän marketingiň esasy işlerine bolsa şu aşakdakylar degişlidir:

1) gözleg seo-optimizasiýasy;

2) gözleg marketingi;

3) kontent-marketingi;

4) influens-marketingi;

5) SMM-marketingi;

6) Email-marketingi;

7) kontekst görnüşli mahabaty;

8) elektron neşirlerdäki mahabaty.

Hanowa Humaý,

Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.