Sanly bilim ulgamynyň taryhy barada aýtsak, 1907-nji ýylda uzak aralykdan bilim almakda ilkinji işler geçirilýär we 1939-njy ýylda Fransiýada uzak aralykdan bilim berýän merkez gurulyp, ilkinji onlaýn bilim almak 1960-njy ýylda “Illinois” uniwersitetinde başlanýar. Soňra 1971-nji ýylda awstraliýaly filosof Iwan Iliçiň sanly mekdep nusgasyny orta atýar. Amerikada we Kanada-da 1980-nji ýylda sanly aragatnaşyk we tor ulgamlary ulanyp başlanyldy.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyda 2017-2018-nji ýyllarda ýokary okuw mekdeplerinde başlangyç elektron maglumat gory döredildi we ol häzirki wagtda maglumatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şeýle hem sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. 2019-2023- nji ýyllarda Bitewi elektron portalyny döretmek, bilim edaralarynyň okuw işini yzygiderli elektronlaşdyrmak.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksatnamasy bir tarapdan, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň  netijesinde, maglumatlary gorap saklamakda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. şol sebäpli sanly tehnologiýalaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek mesele bolmagynda galýar.

Wepa Orazgeldiyew,
 Türkmen oba hojalyk institutynyň,
 Kompýuter tehnologiyalary kafedrasynyň  mugallymy.