Garaşsyzlyk – halkymyza erkinlik we bagtyýarlyk eçildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň täzeden galkynmagyna, täze önümçilikleriň peýda bolmagyna we halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk hem gowulanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde paýtagtymyz Aşgabat täze görke eýe boldy, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda azyk, senagat, oba hojalyk ugurly halk üçin zerur önümçilikler ýola goýuldy. Ozallar diňe çig mal respublikasy bolan Türkmenistan senagat taýdan ösen kuwwatly döwlete öwrüldi.
Milli senagatymyz has-da kuwwatlanyp, türkmen telekeçileri halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply täze-täze harytlary öndürip başladylar. Medeni mirasymyz täze galkynyşa eýe bolup, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň täze binalary açyldy, döwrebap kitaphana binalary baý kitap goruna eýe bolup, okyjylara mynasyp hyzmat edýär.
Ýeri gelende aýtsak, Ýewraziýa yklymynyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllary içinde yklymyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň bu ýoluň boýundaky möhüm söwda-aragatnaşyk merkezi bolandygyny bu gün dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
Allamyrat ALLAMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 2-nji E we E A hünäriniň talyby.