Baky Bitarap Türkmenistan häzirki zamanyň öňdebaryjy we okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan beýik işleri yzygiderli we toplumlaýyn esasda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1992‒nji ýylyň 12‒nji dekabryndaky hem‒de 2015‒nji ýylyň 3‒nji iýunyndaky geçiren mejlislerinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýalar kabul edilip, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, döwlet Garaşsyzlygyny, baky Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni-durmuş taýdan gülläp ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna goşmakda, jebisligi berkitmekde, ýaş nesilleri Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde we täzeden dikeltmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň baky Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syyasaty durmuşa geçirýär, dürli döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we döwletleriň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alyp amala aşyrýar.
Döwletimiziň halkara syýasy gatnaşyklary ugrunda iň möhüm ýeňişleriniň biri-de, Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagydyr. Bu bolsa dünýäniň ençeme döwletlerini özüne birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň sebitdäki we dünýädäki syýasy ornuna örän ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar. Şeýle hem döwletimiziň bu guramanyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde agramly hem möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän abraýly agzasydygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän Bitaraplyk taglymaty biziň ýagty geljegimiziň kepilidir. Goý, ähli bagtymyzyň gözbaşynda durup, halkymyzy has‒da bagtyýar geljege alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!
Resulberdi ANNAORAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 2-nji E we E A hünäriniň talyby.

RU












