Watan goragy baradaky mesele şu gün ýa-da düýn ýüze çykan mesele däldir. Ol türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz han Türkmeniň döwründen, belki-de, ondan hem irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandyr. Şeýle bolansoň, watançylyk terbiýesi halkymyzyň aňyna ene süýdi, ene hüwdüsi bilen guýlandyr. Başgaça aýdylanda, türkmenler öz çagalaryny dünýä inen gününden başlap, heniz gundagdaka Watana, gaýduwsyzlyga, merdanalyga, at-ýaraga söýgi ruhunda terbiýeläp başlapdyr. Munuň şeýledigini türkmenleriň öz çagalaryna dakýan atlary, söweşlerde görkezen edermenlikleri üçin berýän lakamlary, hüwdülerinde, nakyllardyr atalar sözünde edýän öwüt-ündewleri tassyklaýar. Hut, şonuň üçinem halkymyz Watan babatda Jygaly begiň: «Watany terk ediji bolma!» diýen pendini özüne ömürlik ýörelge edinipdir. Şeýle-de, türkmen halky her bir zatdan ozal Watanyň we öz mähriban halkynyň bähbidini ileri tutýar, olary goramagy ilkinji orunda goýýar. Şu çuň manyly sözleri okan, Watany öz ömrüniň manysy hasaplan, Watany mukaddeslige göterip, Watan üçin gara başyny orta goýan ýigidiň ölmez-ýitmez bolýandygyna bütin durky bilen ynanan Watan perzendi nädip edermen bolmasyn! Çünki Garaşsyz hemişelik Bitarap eziz Watanymyz bar. Ömür soňlanmajak aýdymymyz-Watanymyz bar! Biziň Watanymyza, halkymyza, söýgimiz asylly, halal zähmetimizde görünmelidir. Watana, il-güne bolan egsilmez söýgimiz joş urmalydyr we mukaddeslige ýugrulmalydyr. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat durmuşyň, asuda ýaşaýşyň gadyryny bilmäge, mukaddes Türkmenistan Watanymyzy jandan söýmäge gönükdirilen terbiýe mekdebidir.
Röwşen ÇARYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 3-nji GTDGKS hünäriniň talyby.

RU












