Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyryna gadam basylyp, halkymyzyň agzybirligi pugtalandyryldy, öňde goýlan belent wezipelere mundan beýläk-de üstünlikli ýetiljekdigine bolan beýik ynam döredi. Şunlukda, merdana halkymyzyň geljek 30 ýyl üçin bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine ýetmekdäki anyk ugurlary kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi täze taryhy eýýamda berkarar döwletimiziň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda belent ösüşlere ýetmegine giň ýollary açdy. Jemi 7 bapdan ybarat bolan Prezident maksatnamasynda durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler, sebitlerde we paýtagtymyzda bina edilmeli medeni-durmuş maksatly binalar, halkyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etjek beýik işler kesgitlenilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda, halkymyzyň abadan, eşretli durmuşynyň üpjün edilmeginde bu taryhy maksatnamanyň ähmiýetiniň uludygyny bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden bu maksatnamasy her birimiziň kalbymyzda döwrümize bolan buýsanjy has-da berkitdi.

Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny pugtalandyrýan, döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny has-da ýokarlandyrýan beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň döwrüň ruhuna sazlaşyk berýän täzeçil pikirleri, öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary dünýäde giň goldaw tapýar.

Golaýda ýol-ulag düzüminiň möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy yklymara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiziň ulag-üstaşyr mümkinçiliginiň artmagynda möhüm ähmiýete eýe boljak beýik işleriň badalgasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň we ýurduň beýik geljeginiň hatyrasyna iňňän oýlanyşykly amala aşyrýan beýik işleri döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Munuň üçin bolsa bagtyýar halkymyzyň hormatly Prezidentimize alkyşly sözleri kalplarda baky sena bolup ýaňlanýar.

Şemşat ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň uly mugallymy