Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Arkadag Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik ädimleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Ine, her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem milli Liderimiziň şu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir.

Bu biraýlygyň çäginde guralýan çäreler ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň ömrüniň rahatlygyny, saglygynyň goraglylygyny üpjün eder. Hut şol sebäpden hem, biraýlygyň çägindäki çäreleriň diýseň baý mazmuna eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde giň seslenme tapjakdygy şübhesizdir. Bu ýörite düzülen meýilnamalar esasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda aýdyň beýanyny tapýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak bu gün iň möhüm meseleleriň hataryndadyr. Bu işe her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir. Durmuşymyzyň goraglylygyny, ömrümiziň rahatlygyny, ak mermere bürenen paýtagtymyzyň, gözel Diýarymyzyň şaýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!

Abdyrahym AMANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň mugallymy.