Ýurt pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň, il abat­ly­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na uly iş­le­ri alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-bi­lim, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy öz­gert­me­le­ri, hal­ka­ra de­re­je­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de, bu gün eziz Di­ýa­ry­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si, şan-şöh­ra­ty has-da ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan ösüş­lerdir ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler hal­ky­my­zy çäk­siz buý­san­dyr­ýar.

Hal­ky­myz şu gün­ler Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­na — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­lyk to­ýu­na uly ru­hu­be­lent­lik bi­len bar­ýar. Her bir yn­san­da wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny ös­dür­mä­ge, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly geç­mi­şi­ne, şu gü­nü­ne we be­ýik gel­je­gi­ne düýp­li dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän mil­li Ga­raş­syz­ly­gy­myz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz­baş­dak döw­let­li bol­mak ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­nyň ama­la aş­ma­gy­na, köpasyr­lyk mil­li we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, yn­san­per­wer däp­le­ri­mi­zi di­kelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Bu gün­ki gün azat­ly­gyň, er­kin­li­giň, bag­ty­ýar­ly­gyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýan hal­ky­myz Ga­raş­syz­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ne, be­ren dat­ly mi­we­le­ri­ne dü­şü­nip, mil­li Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­ny baş baý­ra­my saý­ýar we ýo­ka­ry de­re­je­de bel­läp geç­ýär.

Ata Wa­ta­ny­myz­da Arkadagly Serdarymyzyň bi­möç­ber ala­da­la­ry bi­len ýur­du­my­zy gül­let­mek, hal­kymyzyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bu gün aý­dyň ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ut­ga­şyk­ly iş­ler ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem Ga­raş­syz­lyk bi­ziň ýur­du­my­za hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy hök­mün­de öz sy­ýa­sy ga­raý­şy­ny be­ýan et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len ener­ge­ti­ka, ulag, suw dip­lo­ma­ti­ýa­syn­da­ky hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň we iş ýü­zün­dä­ki anyk ädim­le­ri­niň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­da­wa eýe bol­ma­gy mu­nuň anyk gü­wä­si­dir.

Hal­ky­my­zy tä­ze­çe pi­kir­len­mä­ge, be­lent sep­git­le­re ýet­mä­ge ruh­lan­dy­ran mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­ly­gy bi­len Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy, Arkadagly Serdarymyzy, äh­li hal­ky­my­zy tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys. Goý, hal­ky­my­zy ba­ky bag­ta ýe­ti­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç bol­sun!

Döwran GURBANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň talyby