Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça düýpli özgertmeler, belent ösüşler amala aşyrylýar.

Diýarymyzyň gün-günden gözelleşýän, günsaýyn ösýän şäherdir obalarynda ýollaryň durkuny täzelemek, täze ýollary gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar bilen geçirilýän biraýlyk halkymyzyň asuda hem abadan durmuşy, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýollaryň ugrunda häzirki zaman ýol belgileriniň, maglumat görkeziji elektron tagtalaryň, döwrebap awtoduralgalaryň gurulmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly mümkinçilikleri döredýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dowam edýän biraýlygyň many-mazmuny, ähmiýeti örän uludyr. Biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, okuw mekdeplerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bu ugurda alnyp barylýan işler has-da ýygjamlaşdyrylýar. Geçirilýän duşuşyklarda oba-şäherlerimiziň köçelerinde, şäherara ýollarda adamyň jany we saglygy bilen bagly hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almagyň ýollary, bu ugurda her bir adamyň: sürüjiniň, pyýada ýolagçynyň borçlary giňden düşündirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda her ýylda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi raýatlarymyzyň howpsuzlygy, saglygy babatda ýurdumyzda yzygiderli tagallalaryň durmuşa geçirilýänliginiň aýdyň beýanydyr.

Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz barada edýän aladasyna jogap edip, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny dogry bilmek we berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr. Ýollarymyz ak, ilimiz abadan, durmuşymyz asuda bolsun!

Annatuwak ANNABERDIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby