Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň durmuşynyň abadan hem parahat bolmagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynyň 1-den 30-y aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň yglan eden «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen köçelerde, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdyr.
Häzirki zaman ýaşaýşynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän demirýol, suw, howa we awtomobil ulaglary biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalar, ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ulag serişdeleriniň sany hem ýyl saýyn artýar. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem, her bir raýatyň borjy bolup durýandyr.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty birnäçe esasy ugry özüne birikdirýär. Onda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olaryň netijeleriniň agyrlygyny peseltmek maksatlary bilen döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle-de, fiziki şahslaryň işini utgaşdyrmak, awtomobil, ýerüsti elektrik ulaglarynda we ýol hojalygynda işi düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek we tassyklamak, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleri maddy-tehniki we maliýe taýdan üpjün etmek, ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy, raýatlara ýol hereketiniň kadalaryny hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny öwretmegi guramak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreler toplumyny geçirmek, howpsuzlyk bilen baglanyşykly işi ygtyýarlandyrmak ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar.
Adamlaryň saglygy, abadan durmuşy we ýollarymyzyň howpsuzlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Güneş ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

RU












