Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyzyň ýol hereketiniň kadalary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk döwlet derejesinde umumy milli çäre hökmünde giňden geçirilýär.

Ýurdumyzda ulaglaryň sanynyň artmagy, köçelerde hereketiň depginiň güýçlenmegi bilen ýol hereketine gatnaşyjylara bildirilýän talaplar hem güýçlenýär. Ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde hem-de beýleki ilatly ýerlerinde awtomobil ulaglarynyň sazlaşykly hereketini guramak, ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek, çagalary ýol-ulag hadysalaryndan goramak häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Howpsuz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ýol hereketine gatnaşyjy bolan sürüjileriň, ýolagçylaryň we pyýadalaryň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmanydyr.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýol hereketinde pyýada ýolagçylar artykmaçlykdan peýdalanýarlar, emma bu ýol hereketine gatnaşylanda olary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar. Pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkin- çiliklerini has-da giňeldýär. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň, hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär.

Türkmenistan BMG-niň tutuş dünýäde pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny doly goldaýar.

Nursähet JOMARTOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.