Onuň tapawutly aýratynlygy Micro-ATX we öý balyklary üçin hakyky akwarium ölçegdäki korpusydyr. Täzeligiň ölçegleri 370 × 250 × 290 mm. Gutynyň umumy göwrümi 27 litr. Olardan 13-si akwarium üçin niýetlenendir.
Şeýle hem öndürijiniň bu korpusyny diri ýaşaýjylary üçin yşyklandyryşyň bolmagyny üpjün edendigi habar berildi. Ony uzakdan dolandyryş pulty arkaly dolandyryp bolýar.
Şol bir wagtyň özünde onuň içinde bir sany 2,5 dýuýmlylyk toplaýjy, iki sany 90 mm sowadyjy wentilýator we 90 mm beýiklige çenli prosessor sowadyjy ýerleşdirmek üçin ýeterlik ýer bar. Korpusda oturdyljak wideo kartanyň iň ýokary rugsat berilýän uzynlygy 220 mm.
MetalFish Y2 Fish Tank Chassis atly bu kompýuter korpusyny eýýäm Hytaýda satyn almak mümkin. Kompýuter korpusynyň bahasy 75 dollardan aşakda.