Alymlar, deriniň elektrik işjeňliginiň kömegi bilen akyl işjeňligini ölçemek mümkinçiligini berýän tehnologiýanyň üstünde birnäçe ýyl bäri işleýärler. Gözlegçiler içerki stresleriň bu görkezijiniň üýtgemegine sebäp bolup biljekdigine ynanýarlar. Olar muny ölçäp bilýän enjam döretdiler.
MINDWATCH atly enjam, mysal üçin, adamyň aýratyn güýçli stresi başdan geçirýändigini anyklap, rahatlandyryjy sazy awtomatiki ýagdaýda ýakyp biler.
Ýaňy-ýakynda alymlar, beýniniň işjeňligini deriniň üsti bilen ýokary göwrümli we takyklyk bilen hakyky wagtda yzarlap bilýän täze logiki wywod mehanizmni döretdiler. Öňki ölçeg usullary birnäçe minut wagt alýardy, bu bolsa dakyp bolýan enjamlar üçin amatly däldi . Täze dakylýan gözegçilik tehnologiýasy bolsa ýokary tizligi üpjün edýär.
Şeripbaýewa Gülzada Azimbaýewna,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.