Xiaomi kompaniýasy, ulanyjylara beýni tolkunlaryny ulanyp, akylly öý enjamlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berjek Xiaomi MiGu kelle”sargysyny” görkezdi.ä Dogry, bu enjamyň söwda bazaryna çykmagy entäk sorag astynda.

Kompaniýanyň sözlerine görä, bu enjam Xiaomi Group-yň üçünji onlaýn hakatonynda birinji ýeri eýelän taslamasynyň bir bölegi bolup durýar. Xiaomi MiGu kelle sargysy, ulanyjylara diňe bir akylly öýlerini pikirleriň kömegi bilen gözegçilik etmäge mümkinçilik bermän, eýsem ulag sürülende hem ýadawlygy yzarlap biljekdigi tassyklaýar.

MiGu -nyň arkasynda durýan topar, beýnidäki elektrik signallary almaga kömek edýän üç sany datçigiň gurnalandygyny aýdýar. Mundan başga-da, ol datçikleriň arasyndaky potensiýal tapawut boýunça, ulanyjynyň elektroensefalografiýasyny takmynan okap biler.

Enegül BEKGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.