Surreýa uniwersitetiniň alymlar topary gaty gyzykly tehnologiýany döretdiler. Olaryň täzelenip bilýän we zarýad berilýän batareýasy dakylýan we “akylly” enjamlar pudagynda öňe gidişlige ukyplydyr.

Biz, perowskit günüň elementleri bolan hünärmenler tarapyndan döredilen foto-zarýad berilýän ulgam hakda aýdýarys. Bölekleri birleşdirmegiň ýörite tehnologiýasynyň kömegi bilen ulgamyň häzirki zaman mikrobateriýalary we superkondensatorlar bilen deňeşdirilende göwrüminiň we energiýanyň ýokary dykyzlygyny görkezýändigi habar berildi.

Şol bir wagtyň özünde, gün şöhlesinde bary-ýogy 30 sekundyň dowamynda bolmak bilen şeýle batareýalaryň “akylly” enjamlaryň awtonom işleýşini onlarça minutlap artdyrmak üçin ýeterlik zarýad alyp bilýändigi habar berilýär.

Alymlaryň sözlerine görä, özleriniň döreden bu tehnologiýasy uzak wagtlap zarýad bermezden işleýän dakylýan enjamlary döretmekde peýdaly bolar.