Caviar kompaniýasy meşhur enjamlaryň kaşaň görnüşlerini öndürmek bilen tanalýar. Emma bu gezek rus kompaniýasy birneme öňe gitmek kararyna geldi we Thunderball atly altyndan elektrik samokatyny hödürledi. Enjam Koreýanyň Minimotors kompaniýasy tarapyndan öndürilen DUALTRON X2 modeline esaslanýar.
Ulagyň tehniki aýratynlyklary örän täsir galdyryjy: ol sagatda 100 km tizlige ýetip bilýär, şol bir wagtyň özünde iň ýokary derejede hereketlendirijileriniň güýji 8300W ýetýär. Bir gezeklik zarýad bilen elektrik samokat 150 km çenli ýol geçip biler.
Şol bir wagtyň özünde, Thunderball düzümindäki köp elementiň arassa 18 karatlyk altyndan ýasalandygy bilen öwünip biler. Bir nusgany döredilmegi üçin Caviar kompaniýasynyň iki aý töweregi wagt gerek bolýar.