Beýik Britaniýanyň Korollyk astronomiýa jemgyýetiniň alymlary iki ikilik ýyldyzy bolan ýeke-täk ýyldyz ulgamyny tapdylar diýip, Independent gazeti habar berdi.

“Bilşimiz ýaly, şuňa meňzeş ýyldyzyň ilkinji açylan görnüşidir. Biz birnäçe üç ýyldyzly ulgam (üç ýyldyzdan ybarat ulgamy) barada bilýäris, ýöne olar gaty uly däl”- diýip, neşir Nils Bora Halkara akademiýasynyň ylmy işgäri Alehandro Winýa-Gomesiň sözlerine salgylandy.

TIC 470710327 ulgamy Kassiopeýa ýyldyzlar toplumynyň golaýynda tapyldy. Ol merkezi we iki ikili, ýagny jübüt ýyldyzlardan ybarat. Uly ýyldyzyň massasy biziň Günümiziň massasyndan 16 esse köp0, ikili ýyldyzlarynyň umumy massasy bolsa 12 esse köpdür. Alymlaryň pikiriçe, bu esasy ýyldyzyň daşyndan aýlanýan ýyldyzlaryň tizligi aşa ýokary bolan ilkinji üç taraplaýyn ulgam: olar bir günde bir öwrülişik edýär.