Noa Baumbahyň “Ak ses” filmi, 79-njy Wenesiýanyň kino festiwalyny açar diýip, Deadline habar berýär.
Esasy keşpleri Adam Draýwer, Greta Gerwig ýerine ýetirdi. Şeýle hem taslamada Don Çidl, Reffi Kessidi, Sem Niwola we başgalar çykyş etdi.
Film Don Delillonyň meňzeş atly romany esasynda döredildi. Ol 1985-nji ýylda neşir edildi we ABŞ-nyň Milli kitap baýragyna mynasyp boldy.
Baumbahyň bu filmi Netflix-da çykar. Onuň tele akym hyzmatynda haçan peýda boljakdygy entek yglan edilmedi.