Indi ýylyň-ýylyna geçirilip gelýän, ýerli we halkara nebit-gaz kompaniýalaryny wekillerini bir ýere jemleýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2022” halkara maslahaty nobatdaky gezek şu ýylyň 26-27-nji oktýabrda geçiriler. Halkara maslahatyň ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň daşary ýurtly hünärmenler bilen gatnaşygyny has-da pugtalandyrmakda uly orny bardyr. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen forum” Hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde, “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konserlerini, şeýle hem GaffneyCline britan kompaniýalary paýtagtymyzda geçiriljek halkara maslahatyň guramaçysy hökmünde çykyş eder.
XXVII halkara maslahat sebitleýin nebit-gaz taslamalary ýola goýmak, ýangyç energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle-de gaz geçirijileriň gurluşygy, başga-da birnäçe nebit-gaz pudagy boýunça ähmiýetli meseleleri pikir alyşmakda uly başlangyç bolar
Şeýle ýokary derejeli maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi, Watanymyzyň halkara derejeli abraýynyň has-da beýgelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletgeldi BAÝLYÝEW,
TDBGI-niň talyby