Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi diýarymyzyň çäginde we daşynda ýükleri daşmakda, sürüjilere degişli kadalary öwretmekde ägirt uly goşandy bardyr. Birleşik sizi dürli kategoriýaly sürüjileri taýýarlamak, şeýle hem onlaýn görnüşde dürli hyzmatlardan peýdalanyp bolýan www.awtomekdep.edu.tm atly öz resmi saýty açyldy. Bu barada turkmenportal web saýty habar berýär.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde zähmet çekýän sürijiler öz hünär derejesini ýokarlandyrmagy (“A”, “B”, “C”, “D”, “E” toparlar) degişli maksatnamalar we meýilnamalar boýunça okatmak bu birleşik tarapyndan alnyp barylýar. Ýagny, sürüjileriň hünär derejeleri üçünji, ikinji we birinji derejelerden ybarat bolup, onuň iň ýokary derejesi birinji dereje bolup durýar.
Saýtda mundan başga-da, Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky birleşiginiň degişli şahamçalary baradaky maglumatlar, wideo sapaklar, kabulhana, bildirişler, täzelikler, planşet testler we ýene-de birnäçe gyzykly maglumatlar ýerleşdirilen.
Rüstem BERDIÝEW,
TDBGI-niň talyby

RU












