2002-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji sentýabry tutuş dünýäde Halkara Parahatçylyk güni hökmünde bellenilip geçilýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1981-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 36-njy mejlisiniň A/RES/36/67 belgili karary esasynda Halkara Parahatçylyk güni bilen döredilýär. Degişli karara laýyklykda, bu sene 1982-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli sentýabr aýynyň üçünji sişenbesinde, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş gününde bellenilip geçilýärdi. Halkara Parahatçylyk gününi 21-nji sentýabrda bellemeklik karary bolsa, 2001-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň A/RES/55/282 belgili ýörite karary bilen kabul edildi. Şondan bäri, her ýylyň 21-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiligi Halkara Parahatçylyk gününi belleýär. Bu gün Baş Assambleýa tarapyndan ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda – milli we halkara derejesinde dünýä nusgalyk parahatçylyk maksatlaryny pugtalandyrýan gün hökmünde ykrar edilýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara Parahatçylyk gününi her ýyl bir mowzuk boýunça geçirmek ýörgünli däbe öwrüldi. 2022-nji ýylda bu sene «Rasizmi bes etmek. Parahatçylygy binýat etmek» atly ýyllyk mowzuk bilen geçirilýär.
Bu sene 2007-nji ýylda «Parahatçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýokary çagyryşy», 2008-nji ýylda «Adam hukuklary we parahatçylygy goramak», 2009-njy ýylda «Ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk», 2010-njy ýylda «Ýaşlar parahatçylyk we ösüş üçin», 2011-nji ýylda «Parahatçylyk we demokratiýa: Pikiriňizi beýan ediň», 2012-nji ýylda «Durnukly geljek üçin durnukly dünýä», 2013-nji ýylda «Parahatçylyk üçin bilim», 2014-nji ýylda «Halklaryň parahatçylyk hukugy», 2015-nji ýylda «Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk — hemmeler üçin mynasyp sebäp», 2016-njy ýylda «Durnukly ösüş maksatlary: Parahatçylyk esaslary», 2017-nji ýylda «Parahatçylyk bilen bilelikde hemmelere hormat, howpsuzlyk we mertebe», 2018-nji ýylda «Parahatçylyk hukugy – Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy (70 ýyl)», 2019-njy ýylda «Parahatçylyk üçin howa hereketi», 2020-nji ýylda «Dünýäni bilelikde şekillendirmek», 2021-nji ýylda «Has gowy ýörelgelere dolanmak» atly ýyllyk mowzuklarda geçirildi.
Gurbanmyrat AŞYROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.