Bitaraplyk düşünjesi häzirki döwürde uly döwlet syýasatyna öwrülip, halkymyzyň, tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň parahatçylyga goýýan belent sarpasynyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurduň daşary syýasatynda halkara we sebitara syýasy meselelerde ugur kesgitlemekde ähmiýetli orun eýeleýär. Garaşsyz Türkmenistan turuwbaşdan beýleki döwletleriňkä meňzemeýän, halkymyzyň özboluşly milli häsiýetinden, däp-dessurlaryndan, parahatçylyk söýüjiliginden ugur alýan daşary syýasat ýörelgelerini işläp düzdi. Ilkinji nobatda, halkara hukuk düzgünlerini ileri tutmak, halkara meselelerini güýç ulanmazdan, özara düşünişmek ýoly bilen çözmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, oňyn bitaraplyk, harby ýa-da syýasy guramalara goşulyşmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryny düzýär.
Ýurdumyz ykdysady ösüş depgini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş we intellektual derejesi boýunça ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Türkmenistan milli we halkara derejede ykrar edilen ylmy tejribesine hem-de bilim ulgamyna daýanyp, innowasion serişdeleri ornaşdyrmakda, häzirki zamanyň dolandyryş häsiýetli çözgütlerini işläp taýýarlamakda we kabul etmekde uly ösüş gazandy. Şeýle-de ýurdumyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň berkemegi, halkara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hem-de döwrüň anyk ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, geljegi uly taslamalar bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sözüň doly manysynda türkmen halkynyň ähli arzuwlarynyň wysal bolýan döwrüdir. Bu ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde türkmen halky ajaýyp zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýar. Halkymyzyň hatyrasyna uly işleri durmuşa geçirýär Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Toýly MYRATGELDIÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

RU












