Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli bilim ulgamyny ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylym we döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän işleriň esasy mazmunynda adam maýasyny kemala getirmek wezipesi durýar. Ylym-bilimden ýüki ýetik ýaş nesilleri kemala getirmek döwrüň wajyp meseleleriniň biridir. Şol sebäpli hem milli bilim ulgamyny sanly ulgama geçirmek işleri ýurdumyzda meýilnama esasynda durmuşa geçirilýär. Bu babatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde maglumat gory döredilip, bir bitewi ulgama birikdirmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem, çagalara bilim bermegiň derejesini dünýä tejribesine we milli ýörelgelere daýanyp, ösen talaplara laýyk getirmek bilim ulgamyny ösdürmek babatynda öňde goýlan esasy wezipeleriň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda geçirilýän işleriň netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglary, orta mekdepler we ýokary okuw jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bularyň ählisi hem milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Şeýle hem, bu bilim ojaklarynda ösen tehnologiýalaryň, kompýuter tehnikalarynyň ornaşdyrylmagy okuw-terbiýeçilik işini netijeli interaktiw usulda ýola goýmaga ýardam berýär. Şonuň ýaly-da, indi her ýyl ilkinji gezek orta mekdebiň gapysyndan ätleýän ýaş nesillere hormatly Prezidentimiziň adyndan öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi hem asylly däbe öwrüldi. Ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän milli hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Gurbanow Hangeldi,