Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly işler amala aşyrylýar. Her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramaga, şikesleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, täze etraplar, şäherçeler we awtoulag ýollary, köprüler gurulýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, ýolyşyklaryň we beýleki zerur belgileriň bolmagy sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Ýollaryň durkunyň täzelenmegi üçin ýaýbaňlandyrylan işler, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň saklanmagy, şeýle-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagy, ozaly bilen, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny kämil berjaý etmegine gönüden-göni bagly bolup durýar. Pyýadalaryň bellenen düzgünlere dogry eýermezligi, pyýadalar üçin niýetlenmedik ýerlerden geçilmegi ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Awtoulaglaryň bellenen tizlikden ýokary sürülmegi, ýol hereketiniň kadalarynyň dürs berjaý edilmezligi ýol-ulag hadysalarynyň döremegine alyp barýan ýaramaz ýagdaýlardyr.
Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Maksat ASTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.