Amerikanyň teker öndürijisi Goodyear, Lockheed Martin kompaniýasynyň Aý wezdehod ulag (LTV) üçin teker öndürip başlandygyny aýtdy.
Wezdehod NASA-nyň geljekki Artemis Aý missiýasy döwründe ulanylar diýlip garaşylýar. Goodyear,özüniň Ýerde ulanylýan öňdebaryjy ösen howasyz teker tehnologiýasyny ulanjakdygyny aýtdy. Kompaniýa eýýäm aý topragyna meňzedilen topraklarda prototipleri barlagdan geçirýär.
Goodyear, NASA-nyň bar bolan Aýda ýöreýän hereketlendirijileri ,gonýan ýerinden 8 km uzaklykda bary ýogy birnäçe gün ulanmak üçin gurnalandygyny düşündirdi. LTV bolsa, has ýokary temperaturalarda işläp beýikli-pesli ýerlerde we has uzak aralyklara ýöräp biler.
Häzirki wagtda Aýa gonmaklyk 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär.