Omdia-nyň analitikleri, dünýä smartfon bazarynyň 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde pese gaçýandygyny habar berdiler. Jemi aprel aýyndan iýun aýyna çenli 293,7 million smartfon iberildi. Deňeşdirmek üçin: 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde 303,3 million boldy.

Samsung, jemi 62,2 million smartfon ibermek bilen ikinji çärýekde bazar boýunça birinji boldy. Kompaniýa, 48,9 milliony satuwy bolan Apple-den öňe geçdi. Analitikler Galaxy A13 we Galaxy S22 seriýaly modelleriň gowy satylandygyny bellediler. Apple kompaniýasyna bolsa ulanyjylaryň marka bolan güýçli wepalylygy we iPhone 13 seriýa bolan has uly gyzyklanma kömek etdi.

Xiaomi, Oppo we vivo degişlilikde üçünji, dördünji we bäşinji orny eýeledi, ýöne üç kompaniýanyň satuwyny geçen ýyl bilen deňeşdirende 20% azaldy. Işi iň gowy gidýän Honor kompaniýasy boldy. Kompaniýa satuwda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 125,4% ösüş gazandy we 15,1 milliondan gowrak enjam iberip, altynjy orny eýeledi.