“Antarktida kosmosyň hakyky meňzeş ýeri hasaplanýar, sebäbi onuň adatdan daşary şertleri, uzak möhletli kosmos syýahatlarynda bolşy ýaly köp sanly stres faktorlary bilen häsiýetlendirilýär” -diýip gözlegçiler düşündirişler.
Antarktidada adamlar başga adamlaryň çäkli mukdary bilen ýaşaýarlar, gyş aýlarynda daşky gurşaw az duýgy höweslerini hödürleýär, uzak wagtlyk garaňkylyk we gazaply howa şertleri açyk howadaky işjeňligi çäklendirýär. Mundan başga-da, ol ýerden gaýtmak gaty kyn, egerde mümkinçilik ýok bolsa.
Ýany-ýakynda geçirilen gözlegde, alymlar Antarktidanyň iki uzakdaky gözleg merkezinde 9 aý bäri ýaşaýan we işleýän işgärleriň psihologiki saglygyna gözegçilik etdiler. Netijeler, gatnaşyjylaryň wagtyň geçmegi bilen pozitif uýgunlaşma duýgulary peselendigini we duýgularyň öz-özüni sazlamasynyň has erbetleşendigini görkezdi.
Kerim METNIÝAZOW,