HarmonyOS 3.0  markasynyň, firma operasion ulgamy barada internet ulgamynda mahabat peýda boldy. Bilesigeliji ulanyjylar bu mahabatda adaty bolmadyk gadjety gördüler.

Onuň tapawutlandyryjy aýratynlygy, öňdäki göze görünmeýän-kamerasy we çeýe displeýdir.  Daşaky görnüşi bilen enjam, mundan öň çykan Huawei P50 Pocket örän meňzeýär, ýöne kamera üçin kesişleriň ýoklugy munuň başga bir modeldigini görmäge mümkinçilik berýär.

Markanyň muşdaklary eýýäm, adaty bolmadyk täzeligiň 2023-nji ýylyň başynda çykjakdygyny öňe sürýärler. Olar muny,şol bir Huawei P50 Poсket şu ýylyň başynda hödürlenendigi bilen düşündirýärler, şonuň üçin enjamyň indiki nesliniň mundan ir çykarylmagynyň ähtimallygy ýokdur.