Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde geçirilen türkmen-bahreýn
işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň dürli edaralarynyň we işewürler
toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň
barşynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda ýokary hyzmatdaşlyk
tejribesiniň bardygy barada belläp, birnäçe türkmen we bahreýn kompaniýalarynyň
wekilleri azyk senagaty, dokma senagaty, maliýe we syýahatçylyk pudaklarynda
hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.     
Gatnaşyjylar bu forumyň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde,
uzakmöhletleýin işewürlik gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we gurallaryny
kesgitlemekde nobatdaky amaly ädimiň boljakdygy hakynda aýtdylar. 
Belläp geçsek, Türkmenistandan bu çärä Söwda-senagat edarasynyň başlygy
D.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky, düzüminde ykdysadyýetiň dürli ugurlary
boýunça işleýän döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri bolan wekiliýet gatnaşdy. 
Işewürler forumynyň açylyşynda çykyş edip, Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-
senagat palatasynyň başlygy Samir Abdulla Ahmed Nass iki ýurduň arasyndaky
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ulag, innowasion
tehnologiýalar, port infrastrukturasy, şäher gurluşygy ýaly pudaklarda
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygy barada aýtdy.