Birleşen milletler guramasy -BMG 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredilip häzirki wagtda onuň düzümine 193 döwlet girýär.BMG-niň Ştab kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork ýerleşen bolup ol bütin dünýäde hereket edýän iň ýokary guramalaryň biri bolup 2001-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp boldy.Onuň Baş sekretary Antoni Guterrişdir.

2022-nji ýylyň 20-26-njy sentýabry aralygynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi geçirilýär. Guramanyň 77-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin oňa agza döwletleriň 193-siniň wekilleri geldiler.BMG-niň resmi maglumat çeşmesinde bu barada maglumat berilýär.Oňa agza döwletleriň birnäçesiniň döwlet we Hökümet baştutanlary geldiler.Hepdeligiň ilkinji gününde mejlisiň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoni Guterriş we 77-nji sesiýanyň başlygy Çaba Kýorýoşi çykyş etdi.Soňra ministrler we beýleki döwlet ýolbaşçylary çykyş etdiler .

77-nji sesiýanyň ilkinji gününde Brazilýa,Senegal,Gyrgyzystan,Gazagystan,Türkiýe we Fransiýa ýaly döwletleriň Hökümet baştutanlary çykyş etdiler .

Kuluşowa Bägül

 S.A.Nyýazow adyndaky  TOHU-nyň Türkmenabat 

 agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy