Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň kämilleşmegine, döwletimiziň dünýä giňişliginde abraýynyň barha ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny bir umumy görnüşde üpjün etmäge gönükdirilen halkara şertnamasynyň düzgünleri milli kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalary bolan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, «Ýol hereketiniň kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynda öz beýanyny tapýar.
2012-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan esasy hukuk resminamasydyr. Bu kanunçylyk namasy raýatlaryň janynyň, saglygynyň we emläginiň goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň çäginde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olaryň netijeleriniň agyrlygyny peseltmek maksatlary bilen döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we beýleki ýuridik hem fiziki şahslaryň işini utgaşdyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň özi hereket howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän halkara hukuk düşünjeleri bilen milli kanunçylygymyzyň sazlaşygyny aýdyň şöhlelendirýär.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyklykda, awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin ulag serişdeleriniň eýelerine administratiw jogapkärçiligi belleýän täze kada girizildi.
Kerwen BABAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

RU












