Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taysyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz günsaýyn ösýär we özgerýär. 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hukuk işi we halkara hukugy hünärinden beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşyp, özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler.
Bu bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetini kämilleşdirmek bolup durýar. Bäsleşige gatnaşan talyplar “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary” dersi boýunça goýulan soraglara jogap berip, ýiti zehinleri bilen çykyş etdiler.
Bäsleşik çekeleşikli geçip, onuň netijeleri boýunça 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Medine Sopytaganowa, 2-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Perman Kyýasow we 3-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dilnoza Muhadowa mynasyp boldular. Ýeňijiler hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýeňijilere bäsleşigimiziň geljekki tapgyrlarynda hem üstünlikler arzuw edýäris!
TAGANNYÝAZOWA Intizar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.