Smartfon üçin döredilen bu täze programma, rak keseliniň ösmek howpuny ýokarlandyryp biljek, et önümlerindäki bar bolan konserwantlary barlaýar.
Alymlar, satyn alynan et önümlerine ýapyşdyrylýan, reňkini üýtgedýän gatlak döretdiler, meselem şöhlat büzmeçe önümlerine ýapyşdyryp bolar. Ony surata düşürmeli we programma nitratlar we nitritler ýaly belli konserwantlaryň derejesini tiz kesgitleýär. Olar şöhlat önümlerine we bekonlara mahsus gülgüne reňk we tagam berýär, şeýle hem çişlere sebäp bolup bilýär. Olardan näçe köp bolsa, gatlak şonça-da garamtyl bolýar.
Enjam ulanmak üçin aňsat we sarp edijilere has esasly karar bermäge kömek edýär.

RU












